Biz barada

“Döwletli-Döwran” HJ keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawody

“Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda döredildi we işiniň ilkinji ýyllaryndan başlap ýokary hilli keramiki önümleriň ygtybarly öndürijisi hökmünde tanaldy. Ilkibaşda kärhananyň öndürýän önümleri sebitiň gurluşyk zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen bolsa-da, tehniki ösüşiň we kämillige bolan ymtylyşyň netijesinde halkara bazaryna ynamly çykdy.

2019-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň çägine täze döwrebap keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawodyň açylmagy hojalyk jemgyýetiniň taryhyna möhüm tapgyr hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Täze önümçilik ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, önümleri halkara hil standartlaryna laýyklykda öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda “Döwletli-Döwran” — keramika önümçiliginde däp bolan usullary häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrýan doly önümçilik hataryna eýe bolan kärhanadyr.

20 mln

ýyllyk önümçilik kuwwaty

30 000

m² zawodyň umumy meýdany

550 000+

günde gaýtadan işlenýän çig malyň möçberi (tonna)

Iň gowy hyzmatdaşlyk tejribesi

Biziň işimiziň özeni — her bir müşderä hormat goýmak we netijä ýetmäge ymtylmakdyr. Biz her taslamany özümiz üçin edýän ýaly üns bilen alyp barýarys. “Döwletli-Döwran” diňe bir önümçilik däl — bu hyzmatdaşlykdyr. Bu hyzmatdaşlykda ähli zat möhümdir: işleriň açyklygy, önümiň hiliniň durnuklylygy we ýürekden edilýän çemeleşme. Biz ynamyň sözler bilen däl-de, anyk işler bilen gazanylýandygyna ynanýarys we muny her bir sargytda subut edýäris.

Тщательная проверка качества

Önümiň hil gözegçiligi

Döwletli-Döwran HJ zawodynda hil gözegçiligi önümçiligiň her tapgyrynda — çig malyň barlagyndan başlap taýýar önümiň goýberilişine çenli — amala aşyrylýar. Bu bolsa her bir önümiň durnukly hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara derejeli barlaghana

Önümiň barlagy kärhananyň öz barlaaghanasynda geçirilýär. Onda önümiň esasy görkezijileri — berkligi, aýaza çydamlylygy we beýleki tehniki häsiýetleri gözegçilikde saklanýar.

Önümiň tassyklanan häsiýetleri

Öndürilýän ähli önümler hil sertifikaty bilen üpjün edilýär we bellenilen talaplara laýyklykda barlagdan geçirilýär. Bu bolsa gurluşyk we ýüz taraply bezeg işleri üçin önümleriň ygtybarlylygyny kepillendirýär.

Halkara talaplara laýyk önümçilik

Häzirki wagtda biziň zawodymyz doly awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan önümçilik toplumydyr. Bu ýerde önümçiligiň her bir tapgyry ýokary takyklyk bilen gözegçilik edilýär. Biz ynamy hiliň ýokary derejesine, açyklyga we durnukly ösüşe esaslanyp gurýarys. Milli senetçiligiň däplerine wepaly bolup, täze nesil gurluşykçylary üçin öňdebaryjy çözgütleri döretmek maksady bilen innowasiýalary yzygiderli ornaşdyrmagy dowam etdirýäris.

Biz baý mirasa we türkmen halkynyň köp asyrlyk däplerine daýanyp, öz taryhymyzy döredýäris.
Her bir önümde asyrlaryň jümmüşinden gelýän hünäre, zähmete we medeniýete bolan hormaty saklamaga çalyşýarys.
Gadymy däpleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, häzirki we geljek döwür üçin ýokary hilli önümleri döredýäris.
Şeýlelik bilen, berklik, gözellik we öz işine wepalylyk bilen bahalanýan taryhy işi dowam etdirýäris.

Bilelikde taryh döredýäris

“Döwletli Döwran” HJ keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawody — bu çözgütleriň, täze pikirleriň we taslamalaryň döreýän giňişligidir.
Bu ýerde biz her gün önümçiligi, logistika işlerini we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary utgaşdyryp zähmet çekýäris.
Hut şu ýerden ýokary hilli önümleriň müşderilerimize tarap ýoly başlanýar.

преимущества керамического кирпича

Керамический облицовочный кирпич сочетает в себе исключительную долговечность и устойчивость к любым атмосферным воздействиям, гарантируя фасаду сохранность на десятилетия. Благодаря внутренним воздушным камерам материал обеспечивает дополнительную теплоизоляцию, защищая дом от холода и биологических угроз вроде плесени или грибка. Высокая технологичность изделий позволяет выполнять кладку с минимальными швами, что значительно ускоряет темпы строительства без потери качества. Эстетическое совершенство готовых конструкций избавляет от необходимости в дополнительной отделке, придавая зданию благородный и завершенный вид.

Почему выбирают нас

Всегда на связи

Мы всегда на связи и готовы оперативно ответить на ваши вопросы. Поможем с выбором продукции, уточнением характеристик и условиями поставки.

Полезные ссылки