Önümçilik

Önümçilikde ulanylýan häzirkizaman çözgütler

“Döwletli-Döwran” HJ kermaiki bezeg önümlerini öndürýän zawody häzirki zaman önümçilik çözgütleri we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Bu bolsa kärhanada halkara talaplara laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Biz ekologiki taýdan arassa we uzak möhletleýin hyzmat edýän keramiki önümleri öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlaryny hem-de ýerli çig mal serişdelerini ulanýarys.

Biziň önümçiligimiz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda 28 gektar meýdany eýeleýär we Verdes, Beralmar ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary, şeýle hem Messersì we Fanuc tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Önümçilik tapgyrlary

Çig malyň taýýarlaýyş

Biziň önümçilikde keramiki bezeg önümlerini öndürmek üçin ene tebigatymyzdan alynýan tebigy çig-mallar ulanylýar. .
Önümçiligiň ilkinji tapgyrynda çig-mal taýýar önümiň hiline täsir edip biljek goşundylardan arassalanýar. Mundan soň çig-mal indiki gaýtadan işleýiş üçin taýýarlamak maksady bilen öňünden owratma tapgyryna iberilýär.
Soňra massa has düýpli gaýtadan işlenip, onuň birmeňzeş gurluşy üpjün edilýär. Taýýarlanan garyndy ýygnama zolaklaryna iberilýär we ol ýerde çyglylygynyň hem-de maýyşgakklyk derejesiniň durnuklaşmagy üçin saklanýar.
Çig malyň ýokary hilli taýýarlygy önümleriň berkliginiň, takyk geometriýasynyň we durnukly daşky görnüşiniň esasyny düzýär.

Önümlere şekil berme

Taýýarlygyň ähli tapgyrlaryndan geçen toýun massasy şekil bermeden öň massa gurluşynyň birmeňzeşligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça gaýtadan işlenýär.
Soňra garyndy ekstrudere düşýär, bu ýerde basyş astynda öňünden bellenilen görnüşdäki şekil emele getirilýär. Hut şu tapgyrda geljekki önümiň esasy görkezijileri— ölçegleri, dykyzlygy we geometriýasy kesgitlenýär.
Şekil berme düwünden çykandan soň önüm awtomatiki kesiş ulgamyna ugrukdyrylýar. Enjam üznüksiz akymy ýokary takyklyk bilen zerur uzynlykdaky taýýarlyklara bölýär. Şekil berme bölüminde görnüşiň we ýüzüň hiliniň gözegçiligi indiki tapgyrlarda ýüze çykyp biljek gyşarmalaryň öňüni alýar we ähli partiýanyň hiliniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Guradyş

Şekil bermeden soň önümler artykmaç çyglylygy tapgyrlaýyn aýyrmak üçin guradyş kameralaryna iberilýär. Guradyş prosesi şekil berilen önümleriň geometriýasyny saklamak we kemçilikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin dolandyrylýan şertlerde geçirilýär. Bu tapgyrda guradyş çäginiň içinde temperatura, çyglylyk we howanyň aýlanyşy awtomatiki ýagdaýda sazlanýar. Guradyş basgançaklary önümiň görnüşini we tehnologik aýratynlyklaryny nazara alyp saýlanylýar. Birmeňzeş guradyş çatlaklaryň, egilmegiň we içki dartgynlyklaryň öňüni almaga kömek edýär.Sanly gözegçilik ulgamy işiň durnuklylygyny üpjün edýär we her tapgyrda netijäniň gaýtalanmagyny gazanýar. Guradyş tamamlanandan soň önümler howpsuz bişirmek we indiki tehnologik tapgyrlara taýýarlanan ýagdaýy alýar.


Peçde bişirme

Guradylan önümler bişirme bölüminiň ugruna iberilýär. Bu ýerde olar esasy ýylylyk taýdan gaýtadan işleniş tapgyryndan geçýär. Bişirme peçde geçirilýär we tehnologik taýdan yzygiderli ýerleşen gyzdyrma, saklama hem-de sowatma zolaklaryndan geçýär. Prosesiň dowamynda dolandyryş ulgamy bellenilen tertibi saklaýar we esasy görkezijileri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Birmeňzeş gyzdyrma materialyň berk gurluşyny emele getirýär hem-de önümiň durnukly ulanyş häsiýetlerini üpjün edýär. Hut şu tapgyrda önümler soňky berkligini, uzak möhletli çydamlylygyny we daşky täsirlere garşy durnuklylygyny alýar. Bişirme tertibiniň gözegçiligi reňkiň durnuklylygyna we ýüzüň hiline hem täsir edýär. Tehnologiýanyň takyk berjaý edilmegi zaýalanma ýüze çykmak ähtimallygyny peseldýär we ähli önümleriň birmeňzeş hilini üpjün edýär.


Hil gözegçiligi we gaplama

Önümçilik tapgyrlary tamamlanandan soň taýýar önümler esasy görkezijiler boýunça jemleýji hil gözegçiliginden geçirilýär. Önümleriň daşky görnüşi, geometriýasy, bitewüligi hem-de kärhananyň içerki talaplaryna laýyklygy barlanýar. Diňe ähli barlag tapgyrlaryndan üstünlikli geçen we hil görkezijileri boýunça tassyklanan önümler satylyşa goýberilýär. Önümler hil toparlaryna bölünýär we bellenilen talaplara laýyklykda gaplamaga taýýarlanýar. Önümler palletlere ýerleşdirilýär, daşamak üçin tapgyrlara birleşdirilýär we gaplaýyş serişdeleri bilen ygtybarly berkidilýär. Tapgyrlar hasaba almak, tanamak we soňraky logistika üçin amatly bolar ýaly ýörite belgilenýär. Şeýle çemeleşme önümleriň saklanyşynda we daşalyşynda olaryň goraglylygyny üpjün edýär hem-de müşderilere durnukly üpjünçiligi kepillendirýär.

Önümçilik doly awtomatlaşdyrylandyr. Kerpiçleri daşamak, kesmek, ýerleşdirmek we guratmak proseslerinde robotlaşdyrylan enjamlardan peýdalanylýar. Ähli gözkezijiler— çyglylyk, basyş we temperatura — merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy tarapyndan sazlanýar. Bu bolsa ýalňyşlyk töwekgelçiligini azaldýar, prosesi tizleşdirýär we önümiň durnukly hilini üpjün edýär. Bişirmek we guratmak tapgyrlarynda akylly sazlaýjylar ulanylýar, gaplama işleri bolsa senagat manipulatorlarynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

Awtomatlaşdyrma bize önümleri minimal çäkli tapawutlar bilen we ýokary gaýtalanma takyklygy bilen öndürmäge mümkinçilik berýär.

Berk we durnukly geljek üçin keramiki önümler

преимущества керамического кирпича

Керамический облицовочный кирпич сочетает в себе исключительную долговечность и устойчивость к любым атмосферным воздействиям, гарантируя фасаду сохранность на десятилетия. Благодаря внутренним воздушным камерам материал обеспечивает дополнительную теплоизоляцию, защищая дом от холода и биологических угроз вроде плесени или грибка. Высокая технологичность изделий позволяет выполнять кладку с минимальными швами, что значительно ускоряет темпы строительства без потери качества. Эстетическое совершенство готовых конструкций избавляет от необходимости в дополнительной отделке, придавая зданию благородный и завершенный вид.

Почему выбирают нас

Всегда на связи

Мы всегда на связи и готовы оперативно ответить на ваши вопросы. Поможем с выбором продукции, уточнением характеристик и условиями поставки.

Полезные ссылки